HYZMATLARYMYZ

GELEJEGI BILE DÖREDELI

TASLAMALAŞDYRMA

Dürli derejedäki çylşyrymlylykdaky taslamalary taslamalaşdyrmak we uýgunlaşdyrmak.

GURLUŞYK

Dürli derejedäki çylşyrymlylykdaky raýat we senagat desgalarynyñ düýpli gurluşygy. Jogapkärçilikli gurluşyk – biziň kompaniýamyzyň ynanjydyr.

DAŞAMAK

Gurluşyk ýüklerini we gurluşlaryny daşamak. Ýokary hilli dünýä standartlaryna laýyk gelýän ulag hyzmatlaryny hödürleýäris.

ATÇYLYK

Atlary satyn almak boýunça gepleşiklerini alyp barmak, atlary seýislemek we çapyksuwarlaryň türgenleşikleri. At klublarynyň we aýlawlaryň taslamasy,gurluşygy hem-de abatlaýyş gurluşyk işleri.

Biz barada

Biz Sizi “DOR-BEDEW” gurluşyk kompaniýasynyň saýtynda garşylamaga örän şat.
Biziň ýaş kompaniýamyz 2014-nji ýylda açyldy we esasy iş görnüşi ýaşaýyş we senagat desgalarynyň düýpli gurluşygy bolup durýar.
Biz kompaniýamyz ýaşlygyna garaman, täze mümkinçilikleri barlap, tehnologiýalary ornaşdyryp, edýän işimiziň hilini berkedip uly depgin bilen ösmegi dowam edýäris. Şol bir wagtda hut hil – biziň üstünligimiziň kepili bolup durýar, sebäbi işe bolan yhlasly we jogapkärçilikli gatnaşyk bize we biziň müşderilerimize özara peýdaly hyzmatdaşlygy kepillendirýär. Şu günki günde biziň kompaniýamyz hyzmatlaryň bir hataryny hödürleýär: gurluşyk we taslama işleri, binalaryň gaýtadan gurluşygy, düýpli abatlaýyş, dürli çylşyrymlylykdaky binalaryň gurluşygy, inžener ulgamlaryny gurnamak we ýer işleridir. Şeýle hem, biz bütewi potratçylyk çygrynda ýöriteleşýäris. Biziň tejribämiz we mümkinçiliklerimiz Türkmenistanyň dürli ýerlerinde ýerleşýän desgalaryň gurluşygyny ynamly alyp barmaga ýol berýär.
Biziň firmamyzyň gurluşykçylarynyň döwründe – köp sanly tamamlanan taslamalar ýatyr, iň esasylarynyň biri hem – “Türkmendöwletstandartlary” Döwlet gullugynyň Türkmenbaşydaky toplumlaýyn bölüminiň Edara ediş binasynyň we GÖE enjamlaşdyrylan laboratoiýasynyň gurluşygy. Minnetdarly müşderileriň köp sanly seslenmeleri. Öz işimizi alyp barmagyň ýyllarynda biz gurluşyk we taslama bazaryna berk girdik, sebäbi biziň artykmaçlygymyz – bu buýrujynyň alýan hyzmatlarynyň ähli öwüşginleri barada doly derejede habarly bolan açyk dogruçyl iş, aýdyň şertnamalar. Biziň müşderilerimiz hiç wagt “ýakymsyz garaşylmadyk sowgatlary” almaýardylar, sebäbi “Dor-Bedew” kompaniýasy taslama tabşyrylandan soňra hem buýrujynyň öňünde jogapkärçilik çekýär.
Jogapkärçilikli gurluşyk – biziň kompaniýamyzyň ynanjy!!
Bizi kompaniýamyz öz işini doly bilýän, oňa jogapkärçilik çekýän we ynsap bilen ony ýerine ýetirýän hakyky ussatlardan topar ýygnady. Wezipe sanawyndaky inžener-tehniki işgärleriň degişli bilimi we tejribesi bar. Olaryň köpüsi wagtly-wagtynda hünärini ýokarlandyrmak boýunça bilim alyp, okuwlary geçýärler, sebäbi gurluşyk bir ýerde durmaýar – pudak kämilleşýär, biz hem onuň bilen bilelikde ösýäris.
Biziň müşderilerimiziň bähbitlerini hormatlap, biz taslamalary mydama bellenilen möhletde tamamlaýarys. Kompaniýanyň ökdelik bilen saýlanan gurluşy, dolandyryş apparaty, işgärleriň delillendirmeleri, olaryň ýokary hünär derejesi – bularyň ählisi bize takyk, meýilnama boýunça, sagatlar oýunça hasaplap işlemäge mümkinçilik döredýär. Müşderilerimiz ähli işleriň öz möhletinde ýerine ýetirilýändigine göz ýetirmek üçin onuň ýetirilýän wagtynda hut özleri islendik wagtda desga baryp bilýärler. Biz sizi dürli üýtgeşmeler barada maglumatlaşdyryp, ähli bolýan wakalardan habarly edip durarys.

600

sany işgär

40

sany inžener-tehniki işgär

30

sany gurluşyk tehnika birligi

2

öndürijilikli iş ýyly

Biziñ Hyzmatdaşlarymyz